1.Maglumatlary ýygnamak
Saýtda hasaba alnanyňyzda, hasabyňyza gireniňizde we eltip bermek üçin görnüşi dolduranyňyzda, biz maglumat ýygnaýarys. Maglumat hasaba alyş telefon belgiňizi, e-mail (habarnamalara ýazylan bolsaňyz), eltip bermek salgysyny öz içine alýar.
Mundan başga-da, biz kompýuteriňizi we brauzeriňizi, şol sanda IP-ňizi, şeýle hem saýtymyzda talap edilýän sahypanyň salgysyny awtomatiki ýagdaýda hasaba alýarys.
2.Maglumatlary ulanmak
Sizden ýygnaýan maglumatlarymyz şu aşakdakylar üçin ulanylýar:
- şahsy zerurlyklaryňyza laýyk gelýän hyzmatlary etmek;
- şahsylaşdyrylan mahabaty teklip etmek;
- saýtymyzy gowulandyrmak;
- ulanyjylaryň goldaw ulgamyny gowulandyrmak;
- telefon belgisi we elektron poçta arkaly siz bilen habarlaşmak.
3.Şahsy maglumatlary goramak
Biz bu saýtymyzda toplanan maglumatlaryň ýeke-täk eýesi bolup durýarys. Şahsy maglumatlaryňyz satylmaz ýa-da islendik sebäp bilen üçünji taraplara geçirilmez.
4.Maglumatlary üçünji taraplara aýan etmek
Biz üçünji tarap kompaniýalara şahsy maglumatlary bermeýäris, paýlaşmaýarys ýa-da satmaýarys.
Eger kezzaplykda şübheler, adamlaryň howpsuzlygyna fiziki taýdan howp salýan hereketlerde şübheler bar bolsa, kanunlarda talap edilýän ýagdaýda, jenaýatyň öňüni almak ýa-da derňewe kömek etmek üçin maglumatlary paýlaşmaga taýýardyrys.
Marketing, mahabat we ş.m. maksatlary üçin beýleki kompaniýalara gizlin däl we şahsy däl maglumatlar berlip bilner.
5.Maglumatlary goramak
Şahsy maglumatlaryňyzyň saklanmagyny üpjün etmek üçin dürli howpsuzlyk serişdelerini ulanýarys. Döwrebap şifrlemek siziň hyzmatyňyzda. Diňe belli bir tabşyryk bilen işleýän işgärleriň (mysal üçin, saýtyň tehniki goldawy ýa-da sargyt operatory) şahsy maglumatlara elýeterliligi bar. Gizlin maglumatlaryň saklanýan serwerleri we kompýuterleri howpsuz gurşawda ýerleşýär.
Saýtymyzyň hyzmatlaryndan ulanmak bilen Siz gizlinlik syýasatymyz bilen awtomatiki razylaşýarsyňyz.