Resminama

Kepillik

Nazarly Computer internet dükany · nazarly-store.com.tm17.10.2026 senedäki görnüşi

1.Kepillik şertleri

Hormatly müşderiler, aşakda görkezilen şertler berjaý edilende önümiň satyn alnan gününden kompaniýa sarp edijä aşakda görkezilenleri kepillendirýär:

Satyn alyjy satyn alnan haryt we onuň öndürijisi barada doly, gerekli we dürs maglumaty aldy. Haryt üçin kepillendiriş möhleti harydyň markirowkasynda görkezilen seneden däl-de, müşderä haryt satylan gününden hasaplanýar. Önüm ulanyş boýunça gollanmada (kepillik talonynda) görkezilen düzgünlere laýyklykda ulanylmaga degişlidir.

2.Haryt kepillik abatlaýşyna aşakda görkezilen ýagdaýlarda degişli däldir

  • 1.Harydyň komplekti doly bolmasa (gaby, oňa degişli resminamalar, birikdiriji kabeller, baglaýjylar we örtükler), kepillik talonynyň (hasap-fakturanyň) ýa-da onda satyn alyjynyň golunyň bolmadyk ýagdaýynda;
  • 2.Önümi ulanyş düzgünleriniň bozulmagy;
  • 3.Önümçilik we hünär maksatlarynda ulanylyşy, öndüriji tarapyndan maslahat berilen ulanyş çäklerinden geçilmegi;
  • 4.Zeperleriň ýa-da özbaşdak geçirilen abatlaýyş işiniň yzlary (islendik açylma), öndürijiniň asyl möhürleriniň (plombalarynyň) zeperlenmegi (zawodda ýasalan şuruplaryň zeperlenmegi);
  • 5.Mehaniki zeperlenmeler bolsa (döwülmeler, uçan ýerler, epilen ýerler, sypjyryklar, çişmeler, ýanmanyň we tüssäniň yzy, üzülen ýa-da ýanan simler);
  • 6.Oturdylan düzüjileriň gysga utgaşmasyna getirip biljek, gapdaldan işledilýän enjamlary birikdirmek üçin portlaryň (USB, LAN, HDMI, VGA, DVI, PS/2 we ş.m.) ýalňyş ulanylyşy bilen emele gelen bozulmalar;
  • 7.Daşary zatlaryň (berkidijileriň, döwükleriň we ş.m.), mör-möjekleriň, suwuklyklaryň içine düşmegi, yzlar (suw, kofe, çaý, kola we ş.m.) ýa-da tozanyň ýa-da hapanyň has köp düşmegi bilen bagly bozulmalar;
  • 8.Himiki, elektrohimiki, elektrostatiki zeperlenmeleriň bolmagy. Üpjün ediji, kommunikasiýa, kabel torlarynyň döwlet standartlaryna laýyk gelmezligi bilen bagly zeperlenmeler;
  • 9.Önümiň programma-abzal bölegi bilen dogry däl işleýiş (Flash-BIOS-y täzeden ýazmak, draýwerleriň dogry däl gurnalyşy, satyn alnanda gurnalan WINDOWS ulgamynyň sazlamalarynyň özbaşdak üýtgedilmegi).

3.Kepillik aşakda görkezilenlere degişli däl

  • 1.Bu önüm bilen bilelikde işleýän başga enjama ýetirilen zeperlenme;
  • 2.Sarp ediş materiallary (çap ediş kellejikleri, reňkleýji lentalar, kartrijler, disketler, diskler, üpjün ediş kabelleri, güýç bilen üpjün ediş enjamlary, batareýalar), şol sanda taýýar önümde bolanlar; olar satyn alnan gününden başlap 14 günüň dowamynda zawod kemçiligi ýüze çykan ýagdaýynda çalşylyp bilner;
  • 3.3 sany işlemeýän piksel bolan ýagdaýynda (monitor, SK telewizor);
  • 4.Gurnalan programma üpjünçiligi (WINDOWS, draýwerler, antiwirus). Ony dikeltmek aýratyn töleg boýunça ýerine ýetiriler, onuň bahasy barada öňünden duýdurylar.

4.Abatlaýyş möhleti we harydy çalyşmak

Kepillik abatlaýyş işi 7 (ýedi) iş gününiň dowamynda ýerine ýetirilýär, onuň dowamynda zeperlenmäni ýüze çykarmak üçin anyklaýyş işi we zeperi aradan aýyrmak boýunça işler geçiriler. Anyklaýyş işi geçirilende jedelli ýagdaýlar ýüze çykan halatynda abatlaýyş işi 14 (on dört) iş gününe çenli uzaldylyp bilner. Abatlaýyş işini geçirmek mümkinçiligi bolmasa, aşakda görkezilen düzgünler berjaý edilen şertinde haryt çalşylar:

  • Harydyň resminamalarynda görkezilen doly toplum (gabyň asyl nusgasy, diskler, resminamalar, üpjün ediş kabelleri, üpjün ediş bloklary we ş.m.) we gaplama materialy berlen bolsa;
  • Satyn alnan harydyň bütewiligi berjaý edilip, sypjyryksyz we degişli görnüşinde bolsa.

Önümiň toplumy bozulan ýagdaýynda (draýwerler, resminamalar, birikdiriji kabeller, berkidijiler ýa-da asyl gaby bolmadyk ýagdaýynda) diňe abatlaýyş işi geçiriler.

5.Jogapkärçilik

Kompaniýa satyn alnan enjamlaryň ulanylyşy ýa-da ulanmak mümkinçiliginiň bolmazlygy bilen bagly islendik zeperlenme (maglumatyň ýitmegi, işewür işjeňligiň bes edilmegi, işewür maglumatyň ýitmegi ýa-da beýleki maddy ýitgiler) üçin jogapkärçilik çekmeýär.

Hormatly müşderiler, maglumatlaryň ýitmeginiň öňüni almak üçin ähli maglumatlaryň nusgasyny almagyňyzy Sizden haýyş edýäris.

Dükanyň salgylary

Nazarly Computer

Elektron poçta
nazarlycomp@gmail.com